Asylly ýörelgelere eýerip...

3 Noýabr 2021
1183

Ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly badalga bermek däbe öwrüldi. Bu möwsümlerde ýurdumyz boýunça köp mukdarda miweli, saýaly agaç nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna ideg edilýär. Netijede bolsa, täze-täze tokaý zolaklary, seýilgähler emele gelýär. Sähra ýerlerinde sazak, daglyk ýerlerde arça, derýa boýlarynda dürli agaçlaryň emeli tokaý zolaklary döredilýär. Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklary howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle hem adamlara ýaşamaga, dynç almaga amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ter miweler bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

«Ýaşlygynda nahal ekmedik garranynda kölegede oturmaz» diýen ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine eýerip, hormatly Prezidentimiz kisloroda baý howany emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, olary gorap saklamak, ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek hem-de bu babatda ylmy-barlag işlerini alyp barmak we beýleki çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karary ata-baba dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerýän türkmen halkynyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. Çünki bagy-bossanlyga öwrülýän Diýarymyzyň gözelligi, daşky gurşawyň we ekologiýa ulgamynyň abadançylygy hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň milli terbiýesi bilen bagly bu ajaýyp başlangyç Watanymyzyň müňýyllyklara uzajak geljegi üçin wajypdyr. Bu resminama laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň dabaralandyrylýan şu ýylynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 30 million düýbüniň oturdylmagynyň bellenilmegi, onuň şanly sene bilen mazmun taýdan özboluşly sazlaşygyny emele getirip, ýurdumyzyň tutuş dünýäde ekologiýa abadançylygyna mynasyp goşant goşýandygyny alamatlandyryp, güneşli Diýarymyzda ekologiýa medeniýetiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny, tokaýlyklaryň döredilmegine döwlet derejesinde uly üns we goldaw berilýändigini şertlendirýär.

Gülendam JUMAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar