Garagum sährasynyň täsinlikleri

1 Noýabr 2021
1252

Türkmen tebigatynyň täsinlikler dünýäsini özünde jemleýän Garagum sährasy hiç bir adamy biparh goýmaýar. Çar tarapy gözýetime çenli uzaýan sähranyň keşbinde ynsan kalbyna ýakynlyk bar. Döwlet Baştutanymyzyň Garagum sährasynyň howasy hem-de çölüň ekologiýa ýagdaýy bilen içgin gyzyklanmagy we «Bereketli Garagum» goraghanasyny döretmek barada taryhy Karara gol çekmegi asty hem üsti genji-känli Garagum sährasynyň biodürlüligini gorap saklamakda möhüm ädim boldy. Milli Liderimiziň Garagum sährasy baradaky aladalary ynsan bilen gözel tebigatymyzyň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Garagum sährasy özüniň biologik köpdürlüligi boýunça tapawutlanýar. Bu ýerde gülli ösümlikleriň 750-den, guşlaryň 200-den gowrak görnüşi duş gelýär. Garagum sährasynyň dermanlyk ösümlik dünýäsi baradaky ylmy garaýyşlar hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňden beýan edilýär. Şol kitapda Garagum sährasynda ösüp ýetişýän 100-den gowrak dermanlyk ösümlikler barada maglumat berilmegi hem munuň subutnamasydyr.

Kuwwatgeldi ÝOLDAŞOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar