Bagban baga, bürgüt daga sereder

1 Noýabr 2021
1712

Her bir adamda käre bolan söýgi ýaşlykda döreýär. Garabiliň pesinde, gojaman Murgap derýasynyň kenarynda ýerleşýän bagbanlar obasynda bagbançylyk käri asyrlarboýy dowam edip gelýär. Hut şonuň üçin hem bu oba il arasynda “Bagbanlar obasy” diýilýär. Bu obada segsen ýaşap geçen Maksut aganyň bagbançylyk kärini dowam etdiren bäşinji ogly Bäşim Maksudow hem ogullary Agamyratdyr Ýagşymyrady bagt tapan arzyly ýoluna ugrukdyrdy. Bagbanlaryň edähedine görä, maşgalada dünýä inen çaga, bir ýaşa ýetende miweli bag nahaly oturdylýar.

Bagban Bäşim Maksudow ilki baglary suwdan gandyrýan suwçy, ýaş nahallary ýetişdiriji bagban bolsa, ol soňra bagbanlar toparynyň topar ýolbaşçylygyna bellenilýär. Çärýek asyra golaý wagt Tagtabazar etrabynyň “Sandykgaçy” daýhan birleşiginde topar ýolbaşçysy bolup işlän Bäşim aganyň ady bagbanlar obasynda hormat bilen tutulýar.

Beýleki habarlar