Çyn bagban — alym

6 Oktýabr 2021
1308

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda türkmen tebigatynyň täze, özboluşly görnüşi, döwrebap keşbi peýda boldy. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan işlere täze innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu ugurda döwrebap öňegidişlikleri döredýär. Şonuň ýaly-da, daşky gurşawy goramaga ylmy esasda çemeleşmegiň iň bir ýokary derejeli ösen tejribelerini ulanmak özüniň oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi, ýurdumyzda rowaçlyklara beslenýän şeýle beýik işlere belent badalga berdi. Maksatnamada daşky gurşawy goramakda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we onuň täsirini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şunuň bilen birlikde, rejelenen görnüşdäki Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek wezipesi göz öňünde tutulýar.

Ekologiýa ulgamyna berilýän üns adamzadyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, milli Liderimiziň başda durmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň birine öwrüldi. Şu ýyl hem ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bag ekmek we onuň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulyp, saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million nahaly ekiler. Bu bolsa BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde göz öňünde tutulan wezipelerini amala aşyrmakda möhüm goşant bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, bag ekmek sogap iş hasaplanylyp, ýekeje düýp nahaly guratman, uly üns, ideg bilen gurşamak ahlak terbiýäniň ajaýyp göreldesidir.

Abdyljelil AZYZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar