«7/24.tm», № 40 (71), 04.10.2021.
Tomsuň jöwzaly günlerinde yssydan goranmak — saglyk üçin wajyp zatlaryň biri. Şeýle ýagdaýlarda biziň gözlegimiz bir-ä içer ýaly suwdur, onsoňam salkyn saýalyja ýerdir. Onsoň ýylyň beýleki pasyllarynda kän bir üns bermesegem, tomsuna salkyn saýaly agaçlar gözümize has-da owadan bolup görünýändir. Agajyň saýasy köp boldugyça, tomsuna ol has-da arzyly, göze ýakymlydyr.