Bezeg joýalary

22 Sentýabr 2021
1153

Häzirki günde daş-töweregi abadanlaşdyrmakda we onda gözel keşbi emele getirmekde döredilýän gülhanalaryň döwrebap görnüşleriniň biri-de rabatkalardyr.

Rabatka — bu mellek ýerleriniň, bag ýodalarynyň, haýatlaryň gyrasynda döredilýän inçe zolak görnüşli gönüburçly gülhanadyr. Rabatka adatça parallel edilip ekilen bir ýa-da birnäçe görnüşli gülli ösümliklerden döredilýär. Rabatka sözi «rabatte» diýlen nemes sözünden gelip çykyp, ol türkmençede «joýa», «hatar» diýmekligi aňladýar. Rabatka gül ösümliklerinden döredilen berk geometriki şekili talap edýär. Ol köplenç deň beýiklikdäki gülli ösümliklerden döredilýär, ýöne käbir halatlarda kadadan çykma ýagdaýlara-da ýol berilýär. Rabatkada esasy tapawut aýratynlyk berlen şekiliň kesgitli yzygiderlikde gaýtalanmagynda jemlenýär. Rabatka döredilende giňligi 50 santimetrden 2 metr aralygynda bolmalydyr, onuň uzynlygyna çäk goýulmaýar, rabatkanyň iň kiçi uzynlygy onuň giňliginden üç esse uzyn bolmalydyr.

Aziza FURKATŽANOWA,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar