Bilelikdäki netijeli işler

22 Sentýabr 2021
1135

Umumy öýümiz bolan tebigatyň abadan bolmagyny gazanmak, ony goramak köpleriň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär. Ýurdumyzda bu möhüm mesele gün tertibinden düşürilmeýär. Şeýle il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işe Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Olaryň Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda goraghananyň işgärleriniň we beýleki gyzyklanýan edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçiren çäresi tebigaty goramak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly wajyp meselelere bagyşlandy.

Çäräniň dowamynda tebigaty ýangyn howpundan goramak üçin berjaý edilmeli kadalar hakynda giňişleýin durlup geçildi. Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany Rahmet Hajyýewiň, jemgyýetiň hünärmeni Sähra Saýdaliýewanyň we beýlekileriň çykyşlary has täsirli boldy. Bulardan başga-da, öri meýdanlaryny ýangyndan goramak maksady bilen geçirilmeli gaýragoýulmasyz çäreleriň iş ýüzünde görkezilmegi çäräniň ähmiýetini has artdyrdy.

Beýleki habarlar