Igde bişende...

22 Sentýabr 2021
1572

Igde agajynyň kümüşsöw öwüsýän inçeden uzyn agymtyl ýapraklary birenaýy öwşün atýar. Şol ýapraklaryň sanyna barabar sarymtyl, gyzyl reňkli miwesi doluşan igde şahalarynyň ählisi-de leýlisaça meňzäp, özboluşly gözelligi emele getirýär. Igde Lebapda iň köp ekilýän agaçlaryň biridir. Ony ýörite baglarda däl, ulag ýollarynyň ýakalarynda, suw ýaplarynyň boýlarynda, derýa ýakasyndaky jeňňelliklerde hem görmek bolýar. Şeýle bolansoň, tebigatdaky guş-gumrular hem igdäniň hözirini görýärler. Aýratyn-da, Amyderýa sülgünleriniň igde agajynyň şahalaryna gonup oturan pursatlaryny göreniňde, bu tebigy gözellige haýran galýarsyň. Sülgüniň ganatlaryndaky sary, gyzgylt reňkler igde agajynyň miwesi bilen özara sazlaşýar.

Ata-babalarymyz öz döwründe dürli usullar bilen igde miwesiniň her biriniň 1,5-2 santimetre ýetýän görnüşini döredipdirler. Häzirki wagtda ol «türkmen igdesi» diýlip tanalýar. Igdäniň hasylyny sentýabr we oktýabr aýlarynda ýygyp almak bilen, soňra ony güneşli ýerde guradyp tä indiki igde bişýän döwre çenli ulanypdyrlar. Ene-mamalarymyz çagalara igdäni köpräk iýdiripdirler. Sebäbi onda çagalaryň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan ýokumlaryň, duzlaryň, mikroelementleriň birnäçesi bar. Aýratyn-da, igde miwesinde С ýokumy, kaliý hem-de fosfor duzlary, glýukoza, fruktoza, pektin maddasy we beloklar ýeterlik möçberde bardyr. Şonuň üçin-de, halkymyz ony dermanlyk serişde hökmünde halk lukmançylygynda-da ulanýar. Igdäniň gülünden taýýarlanylýan jöwher we şerbet sowuklama keselinde ulanylypdyr. Mundan başga-da, ol gyzgyny peseldiji häsiýete eýe bolmak bilen, ýürek, nerw ulgamlarynyň ýetmezçiliginde hem peýdalanylypdyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde igdäniň dermanlyk häsiýetleri we ony taýýarlamagyň usullary barada örän gymmatly maglumatlary berýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar