Bathyzyň gyzyl kitaba giren ösümlikleri

20 Sentýabr 2021
3694

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde daşky gurşawyň goragyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksatly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan döwletimiz ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy bilen tapawutlanýar. Ösümlikler janly-jandarlar üçin iýmit bolup hyzmat etse halk hojalygynda çig mal bolup durýar. Goraghananyň ösümlik dünýäsini 76 maşgala degişli 1058 sany ösümlik görnüşleri düzýär. Olaryň 698 görnüşi goraghananyň goralýan çäginde ösýär. Olaryň 78 görnüşi endemik — belli bir ýere mahsus we subendemik — ýarym görnüşlerdir. Ösümlikleriň 14 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Olardan bathyz pissesi, guşgy we leman çigildemleri, bathyz pakyry, bathyz düýegyrany, Wasilçenko pagtabaşy, bir öýli andyz, Androsowyň faglanony, guşgy astragaly bar.

Goraghanada üzärlik, buýan, ýandak ýaly dermanlyk ösümlikler hem köp bitýär. Jungar irisi, kaspi sogany, beýik sogan, akbaşly sogan, ownuk tohumly pakyr, ýuka teňňeli çakyrtiken, Roýlyň narpyzagy, keýikoty, käkilik oty, ownuk tohumly mawygül, boýbodron, gyzyl gülälekler ýaly ösümlik toparlary bitýär. Gurakçylyga çydamly kserofit, floranyň 7,5 göteriminden gowragyny tutýar.

Beýleki habarlar