Tebigat täsinligi

20 Sentýabr 2021
1652

Owadan kalply ynsanlaryň ählisi öz kalplaryny tebigatyň gözellikleri bilen bezeýär. Döredijilik adamsy halkyň kalbyna ýakyn edip döretdim diýýän ähli zatlaryny tebigatyň özünden alýar. Şeýdibem awtory başga eseri, öz zehin başarnygymyz bilen baglanyşdyryp bizi kämillige ýetirýän esere öwrüp, halk köpçüligine ýetirýäris. Men hem döredijilik adamsy hökmünde hiç ýerde awtor diýip ady ýazylmadyk, tebigat atly awtor bilen ysnyşykly baglanyşykda. Men tebigy gözellikleriň muşdagy, täsinlikleri toplaýjy tebigatşynas. Tebigatyň täsirli görnüşli şekillerini surata düşürip, şol görnüşler bilen baglanyşykly ençeme eserlerimi telim gezek tebigy täsinlikleriň janköýerlerine ýetirdim. Ýene-de şeýle täsirli foto suraty we şonuň bilen baglanyşykly täze zehin döredijiligimi öz janköýerlerime ýetirmek isledim. Ine bir gün täze şygrymy döretmek maksady bilen, döwrebap seýilgählerimiziň birine seýle çykdym. Başy asmana uzaýan belent baglaryň täsirliligi, erkana guşlaryň owazy ýaňlanýan seýligähe seýle çykan keýpiçag ynsanlaryň hereketleri mende täzeçe ylham setirlerini oýardy. Birdenem gojaman, belent daragtyň böwründäki agza meňzeş şekile gözüm düşdi. Bu meniň üçin täzeçe esere badalga boldy. Görüň-ä bu täsinligi, ynsan eli bilen döredip bolmajak gudrat. Göýä diýersiň gojaman daragtyň agzy kysmy. Bu tebigy görnüşi bolşy ýaly surata düşürdim hem-de foto surata “Agajyň agzy” diýip, at goýdum.

Göräýmäge hemmeler bu daragtyň deňinden gündelik geçip durlar. Meniň şahyrana garaýşymy özünde eglän ylhamly daragt, kalbymda tebigata degişli täze bir joşgunly setirleri janlandyrdy. Ol goşgynam okyjylaryma ýetirmek isledim.

Beýleki habarlar