Dünýäniň täsin ýadygärlikleri

6 Sentýabr 2021
2537

Halkymyzyň buýsanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, belent ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş maksatly binalary özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi. Aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin «Türkmen alabaýy» heýkeli bezeýär. Magtymguly şaýolunyň esasy çatryklarynyň biriniň baş bezegine öwrülen heýkelde alabaýyň özboluşly aýratynlygy öz beýanyny tapypdyr. Heýkeliň şekiliniň beýikligi 6 metre barabardyr. Ol beýikligi 9 metre barabar bolan desgada ornaşdyrylandyr. Şeýlelikde, diametri 36 metre barabar bolan meýdançada ýerleşen 15 metrlik heýkel ähli tarapdan we alyslardan oňat görünýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar