Sa­ýa­wan şe­kil­li ot

2 Sentýabr 2021
1154

Hin­dis­ta­nyň Pen­jab şta­ty­nyň Mer­ke­zi uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry sa­ýa­wan şe­kil­li su­wo­ty tap­dy­lar. As­lyn­da bu ösüm­lik 2019-njy ýyl­da ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Um­man­lar­da­ky jan­ly-jan­dar­la­ry öw­ren­ýän alym­lar An­da­man ada­la­ry­nyň tö­we­re­gin­de mer­jen rif­le­ri­ni öw­ren­ýän wag­ty tä­sin ösüm­li­ge du­şup­dyr­lar. Ösüm­li­gi düýp­li öw­ren­mek, ony beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­lan­dyr­mak we at dak­mak iki ýy­la çe­kip­dir. Ne­ti­je­de, su­wo­ty­nyň mun­dan ozal ylym dün­ýä­si­ne mä­lim bol­ma­dyk gör­nüş­di­gi anyk­la­nyp­dyr. Oňa «Aceta­bu­la­ria ja­la­ka­nya­kae» di­ýip at go­ýup­dyr­lar. Sansk­rit di­lin­de «ja­la­ka­nya­kae» suw pe­ri­si diý­me­gi aň­lad­ýar. Yl­my to­pa­ryň ýol­baş­çy­sy Fe­liks Bast ösüm­li­giň owa­dan şe­ki­li­niň bar­dy­gy­ny, onuň edil suw pe­ri­si­niň sa­ýa­wa­ny­ny ýat­lad­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, şeý­le ady goý­ma­gy ma­kul bi­len­dik­le­ri­ni bel­le­ýär. An­da­man ada­la­ry Hin­di um­ma­ny­nyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da ýer­le­şip, baý te­bi­ga­ty bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ada­nyň tö­we­re­gin­dä­ki mer­jen rif­le­ri baý jan­ly te­bi­ga­ty özün­de jem­le­ýär. Alym­lar bu ýer­den ýe­ne-de tä­ze jan­ly-jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň ta­pyl­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Beýleki habarlar