Tebigat gözelligi — durmuşyň bezegi

1 Sentýabr 2021
1270

Adamzadyň ýaşaýyş çeşmesi bolan ene toprak ynsan üçin, gör, näçe naz-nygmatlar eçilýär?! Şonuň üçin-de ýaş nesilde mähriban Diýarymyzy has-da gözelleşdirmek we ondaky bar bolan tebigy baýlyklary gorap saklamak endigini terbiýelemek her bir mugallymyň wajyp wezipelerinden biridir.

«Tebigat» diýen sözi agzanyňda dünýä gözellikleriniň ählisi diýen ýaly göz öňüne gelýär. Gözellik we päkizelik — olar tükeniksiz hazyna, özboluşly dirilik çeşmesidir. Baglar, tokaýlar howanyň hapalanmagyndan goraýar. Ynha, derek agajyny alyp göreliň. Derek agajy howany kömürturşy gazdan, tozandan arassalamakda beýleki agaçlara garanyňda has-da ähmiýetlidir. Her bir agaç göze görünmeýän suw çüwdürimidir. Ol bir gije-gündizde ençeme litr suwy bugardýar. Deregiň ýapragy adamyň saglygy üçin peýdaly bolup, ysly madda bolan fitonidi bölüp çykarýar. Ýakymly efir ýagy bilen howany ozon bilen baýlaşdyrýar.

Kakamyrat NEPESOW,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň himiýa-biologiýa mugallymy.
Beýleki habarlar