Almaz almaz daşy bilen ýonular...

25 Awgust 2021
1377

Örän gaty hem berk bolanlygy üçin, irki döwürlerde almazy gyrdap bolmaýar diýen düşünje bolupdyr. Ony diňe almazyň öz gyryndysy bilen gyrdap, ýonup-ýylmap boljakdygyna, ilki bilen, hindiler göz ýetiripdirler. Olar almazyň tebigy ýetmezçiliginiň üstüni ýetiripdirler, onuň jaýryklaryny, tegmillerini gyryp aýrypdyrlar, ýöne almaza gerekli öwüşgini berip bilmändirler. Almaz ilki Hindistanda bejerilip, wenesiýaly täjirler soňra olary Ýewropa getiripdirler. XV asyrda (1456 ý.) Parižde almaz almaz gyryndylary bilen işlenip başlanýar.

Tebigatda duş gelýän almazyň üýtgeşik öwüşgini ýok. Hut şonuň üçin hem orta asyrlarda almaz dür, ýakut, zümerret daşlaryndan pes hasaplanypdyr. Diňe daşky görnüşi ýylmanandan soň ol owadan keşbe eýe bolýar. Nepislik bilen sünnälenip gyrlan almaza göwher — (brilliant) diýilýär. Belli syýahatçy Tawernýe göwher görnüşde gyrlanda almazyň ýiti şöhlesiniň bolup biljekdigini belläpdir. Hakykatdan hem onda gözüňi gamaşdyrýan öwüşgin diňe göwher görnüşde gyrylanda emele gelýär.

Aýymjan BAÝRAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar