Tokaýlary ýangyndan goralyň!

11 Awgust 2021
1216

Tokaý bize ýaşaýyş üçin zerur bolan dem alýan arassa howamyzy berýär. Ol güýçli ýelleriň badyny gowşadyp, apy-tupanlaryň öňüni alýar, suw joşgunlaryndan goraýar, tomsuna howanyň gyzgynlygyny, gyşyna bolsa sowuklygyny peseldýär. Häzirki döwürde tokaý zolaklaryny döretmek, baýlaşdyrmak we olary ýangyndan gorap saklamak boýunça biziň goraghanamyzda hem netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda döwlet ätiýaçlygynyň, daýhan birleşikleriniň çäklerine girýän tokaýlar juda köp. Köplenç, bu tokaýlarda we ýanaşyk ýerlerde adamlar tarapyndan hojalyk işleri amala aşyrylýar, mal bakylýar, ýer açylýar, ekin ekilýär. Höwesjeň balykçylar derýada balyk tutýarlar, tokaýda dynç alýarlar.

Umitjan HUSEÝINOW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar