Gizlenpeçek

14 Iýun 2021
1598

Gizlenpeçek türkmeniň iň gadymy we gyzykly oýunlarynyň biridir. Bu oýny çagalar toparlaýyn yzygiderli oýnaýarlar. Gizlenpeçek ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan çagalaryň arasynda meşhurdyr.

Oýun şäheriň ýaşaýyş toplumlarynyň dynç alyş meýdançalarynda, obalarda bukular ýaly ýerlerde oýnalýar. Oýna başlamazdan öň, pellehana bellenilýär. Onuň üçin hemme oýunçylaryň gatnaşmagynda agajyň ýüzüne tegelek çyzylyp, dikligine iki sany göni çyzyk geçirilýär. Şondan soň oýunçylar bije atyşyp, sanawaç sanaşyp, deň iki topara bölünip, haýsy toparyň döwçüdigini we haýsy toparyň çülçüdigini kesgitleýärler. Döwçi toparyň oýunçylary gizlenýärler, çülçüler bolsa olary gözleýärler.

Beýleki habarlar