Görelde öýden başlanýar

4 Iýun 2021
1586

Ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy, urp-adatlarymyzy gorap saklamak we ýaş nesillere öwretmek hem-de olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, jemgyýete, maşgala, dogan-garyndaşa, dost-ýara wepaly, ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýär. Şundan hem görnüşi ýaly, häzirki döwürde ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biridir.

Edep-ekram şahsyýetiň zynatydyr. Edeplilik arassa ahlakly, ýagşy terbiýeli, utanç-haýaly we gowy gylyk-häsiýetli bolmak diýmekdir. Maşgalada, adamlar bilen gatnaşyklarda, iýmek-içmek, geýinmek, dynç almak ýaly, ynsanyň tutuş durmuşynda ahlak esaslaryna tabyn bolmak edeplilikdir.

Gözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar