«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibi

21 Maý 2021
2509

1. Dynç almaga gitmek üçin degişli lukmançylyk barlagyndan geçip, saglyk kepilnamasyny almaly. Lukmançylyk barlagyndan geçilýärkä, şeýle hem gidilende we gaýdylanda, 72 sagadyň dowamynda COVID-19-yň test barlagyndan geçmeli. Ýaşy 18-den ýokary raýatlar gitmezinden 10 gün öň ýollanma hatlaryny alandan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjymy almalydyr.

2. «Awaza» şypahanasynda bejergi almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berlen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, COVID-19-a garşy sanjym alandygy barada kepilnamasynyň hem-de aýratyn görkezmä çenli gidilende we gaýdylanda, COVID-19-yň test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy hökmandyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
Beýleki habarlar