Suwasty myhmanhana

20 Maý 2021
2450

Dünýäniň iň ajaýyp myhmanhanasy bolan «Poseidon Undersea Resort» Fijidäki Poseidon adasynda ýerleşýär. Bu binanyň özboluşlylygy — onuň suwuň aşagynda ýerleşmegidir.

«Poseidon Undersea Resort» suwasty myhmanhanasynda 24 sany kaşaň otag, alty restoran, suwa çümüjilere niýetlenen dükan, suw sport merkezi, toý dabaralaryny geçirmek üçin kiçeňräk ybadathana, golf we tennis meýdançalary bar. Otaglaryň penjirelerinden haýran galdyryjy umman gözelligini synlamak bolýar. Bu ýere gelen myhmanlar suwasty «ýaşaýjylarynyň» durmuşyny hem-de haýran galdyryjy reňkli merjen gaýalaryny synlamakdan uly lezzet alyp bilerler. Myhmanhananyň deňziň on iki metr çuňlugynda ýerleşmegi, onuň täsinligini has-da artdyrýar.

Taýýarlan Baýmuhammet ANNADURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar