Doganlaşan şäherler

5 Maý 2021
2556

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat doganlaşan şäherleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite geňeşçisi 2014-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurduň paýtagtlaryna doganlaşan şäherler derejesini bermek barada teklip beripdi. Onuň sözlerine görä, Tokio iň uly ylym we bilim merkezi, Aşgabat bolsa dürli möhüm halkara çäreleriniň geçirilýän dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň biridir. Iki döwletiň paýtagtlaryna bu derejäni bermek halklaryň arasyndaky dostlugyň we netijeli gatnaşyklaryň täze aýdyň nyşanyna öwrüldi. Aşgabadyň we Tokionyň doganlaşmak baradaky maksatnamasy, ýapon işewür toparlarynyň uzakmöhletleýin esasda Türkmenistan bilen iň ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak isleginiň ýene bir subutnamasy boldy. Ýurdumyz diňe bir amatly maýa goýum şertleri we sosial durnuklylyk bilen däl, eýsem, ösen syýahatçylyk ugry, ýokary ykdysadyýeti we medeniýeti, şeýle hem köpsanly halkara sergileri we kongresleri bilen işewürleri özüne çekýär. Aşgabadyň doganlaşan şäheri Tokio barada täsin maglumatlary bilmek okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek.

Tokio

Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar