Mähribanlyk bossany

28 Aprel 2021
1961

Ata Watan, ene toprak ynsanyň durmuşynda iň eziz mukaddeslik hasaplanýar. Ynsan ýüregine ýakyn bu mukaddeslik adam ömrüniň ilkinji sallançagy bolan maşgaladan başlanýar. Maşgala gymmatynyň näderejede mukaddesligine, ezizligine adam wagtyň geçmegi bilen has-da çuňňur düşünip başlaýar. Bagtly bolmagam, megerem, maşgala abadançylygynda, agzybirliginde, berkligindedir. Biz maşgalamyzdan tapýan bagtyýarlygymyzy başga hiç bir ýerden tapmarys. Maşgalada toý bolanda ýa-da begençli waka bolanda, şol gün Günüň dogşy hem üýtgeşik, ýakymly, lezzetli bolýar. Döwletiň binýady maşgaladan başlanýar. Maşgala hem kiçijik döwlet. Onuň hem özboluşly däp-dessurlary, kada-kanunlary, berjaý etmeli hökmany dessurlary bar. Bularyň ählisinde hem birmeňzeş mähribanlyk, ýylylyk, ezizlik, tämizlik bar. Şol sazlaşygyň gujagynda agaýana ýaýnap, şonuň aladasy bilen ýaşaýan ynsanyň kalbynda hiç hili ýaramazlyga orun bolmaz. Şol jadylaýjy mähriň nuruna ýagtylanan, ýylysyna çoýunan ömrüň manysy başgaça, hümmeti uly bolýar. Türkmençilikde ene, zenan, gelin, gyz sözleri bilen bilelikde köplenç maşgala sözi aýdylýar. Maşgala baş gala bolsa, perzentler şol galanyň, döwletli törüniň bezegidir. Maşgalasynyň abraýyny gorap, ony abat, abadan saklamagyň aladasy bilen ýaşaýan, sagdyn ruhly, sagdyn bedenli perzentleri terbiýeläp ýetişdirýän, mukaddes ojagy mähir ýylysyna çoýup oturan enelerimiz biziň guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Ömrümiziň gül-gunçalary bolan gelin-gyzlarymyz ýurdumyzda alnyp barylýan belent maksatly işlere saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ata-babalarymyz gelin-gyzlary öýleriniň hany-many, başlarynyň täji hasaplapdyrlar. Gelin-gyzlarymyz bolsa şol derejäni, hormaty aňryýany bilen ödemegiň aladasy bilen ýaşaýar. Türkmen zenany maşgalanyň diregidir, sütünidir, ar-namysydyr. Onuň ömrüniň manysy ähli başarnygyny, gujur-gaýratyny, mähir-yhlasyny, galyberse-de, tutuş ömrüni maşgalasyna bagyşlaýanlygyndadyr.

Hawa, maşgala — ynsan ömrüniň, ýaşaýşynyň başlanýan ýeri. Ösüp-örňäp il bolýan ýeri. Agzybirligiň, mähribanlygyň, söýginiň, sylanyşygyň, ynam-ygraryň dabaralanýan, pajarlaýan ýeri. Şol öýüň, öwzaryň, maşgalanyň ýaraşygy bolan gelin-gyzlarymyz çydamyň, gaýratyň, geçirimliligiň asyl nusgasydyr. Olar döwletli maşgalanyň görki, durkudyr, sak durup goraýan goragçylarydyr. Her bir öý bikesiniň süýji arzuw-umytlary bolýar. Ol arzuw-umytlaram şol näzeninleriň kalbynyň töründe şineläp, güneş nurly, bagtyýar günlerde derejeli wysallara ýetirýär. Eneleriň dilegi ynsan ömrüni gülledýän, ýaşadýan, ýaş edýän senadyr. Şahyr: «Derdiňe derman tapylar, mährem eneň sözlese» diýýär. Munuň özem düşnükli, çünki ol seniň halyňy, tabyňy bilýän ýeke-täk adam. Janyňa melhem, ömrüňe ylham bolup bilýän ynsan.

Tahyr ŞALLYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar