Bedew — ýigidiň myrady

21 Aprel 2021
1709

Görogly bege «Gardaş dilemedim, seni diledim» diýdiren, şuňkar guşa deňelen behişdi bedewlerimiz, olaryň ýelden ýüwrük ýyndamlygy bu gün dünýäni haýrana goýýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň naýbaşy görnüşi bolan konkur boýunça geçirilen bäsleşik muňa şaýatlyk edýär.

Säher bilen bäsleşigiň geçirilýän ýerinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere atly sport janköýerleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Jennet SEÝTIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar