Ýaşylbaş sonalar — kenara bezeg

22 Mart 2021
3599

Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde 300-e golaý dürli görnüşli guşlar gabat gelýär. Olaryň içinde köpçülikleýin duş gelýän aw guşlary hem-de seýrek, ýitip barýan görnüşler hem bar. Hazar deňziniň kenarýaka suwlarynda, şol sanda suw-batgalyk guşlarynyň köpçülikleýin ýygnanýan ýerleri bolan Türkmenbaşy, Balkan aýlaglarynda ala ördek, tauty guw, sakarbarak, ýaşylbaş, sakarja ördek, gylguýruk ördek, jünekeý ördek ýaly dürli görnüşli guşlaryň müňlerçesiniň garkyldaşyp, ýüzüp ýörüşlerini göreniňde göwnüň açylýar.

Kenar ýakasyna çykyp, silkinişip daranýan owadan ýaşylbaş sonalar hem bada-bat ünsüňi özüne çekýärler. Olar köplenç süri bolup gezýärler. Toýnuk, kese çyzyk gurap, asmanda dowamly uçýarlar. Mäkiýan ördekler howp abanýan mahaly ýaraly ýaly hereket edip, ýyrtyjy haýwanlary, adamlary öz höwürtgesinden daşlaşdyrmaga çalyşýarlar. Ýaşylbaş ördekler Hazar deňzinden Amyderýa çenli aralykda uçup geçýärler, höwürtgeleýärler, gyşlaýarlar, bir bölegi oturymly ýaşaýar. Deňziň, kölleriň, suw howdanlarynyň, suw joşgunyndan dörän suwlaryň we düzlüklerdäki suw ýataklarynyň kenarlarynda gezýärler. Gyşyna suwarymly ýerlerde duşýarlar.

Elmira ROZUMOWA,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň laboranty.
Beýleki habarlar