Parahatçylygyň ilçisi

18 Mart 2021
2288

Her bir halkyň ykbalynda öz halkyna, Watanyna bolan söýgi bilen beýgelip, milli gahrymanyna öwrülen gerçekler bolýar. Adatça, gürrüňiň şeýle äheňde başlanmagy onuň Watan mertebesini döş gerip goran edermen serkerdeler dogrusynda ýaly bolup duýulýar. Bu, elbetde, dogry. Her bir halkda şeýle edermen, gaýduwsyz söweşijiler bardyr. Emma biziň bu gezekki söhbedimiz ykballara abanýan agyr howpy eline ýarag alman gaýtarmagy başarýan ussat dogrusyndadyr.

Türkmeniň meşhur sazandasy Şükür bagşy, ine, şeýle az sanly gahrymanlardandyr. Aslynda, Şükür bagşy diýilse, dünýädäki az sanly sungat gahrymany göz öňüňde janlanýar. Şükür bagşy hakyndaky gürrüňler rowaýata öwrülip giden hem bolsa, ol taryhy şahsyýetdir.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar