Bagtdan paýly ykbal

9 Mart 2021
1435

Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy Ogulşirin Muhammetgulyýewa eşretli döwrümiziň bagtyýar eneleriniň biridir. 10 çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren mährem ene bu gün perzentlerine, 24 agtygyna, 7 çowlugyna guwanyp, Arkadagly ajaýyp zamanamyza buýsanyp ýaşaýar hem-de eziz Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetli, watansöýüji, asylly däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlaryň terbiýelenmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar.

Ogulşirin daýzanyň çagalyk döwri oba ýerinde geçýär. Ol dürli oba hojalyk işlerinde işlemeli bolýar. Şol döwrüň kyn şertlerinde işläp, zähmetde birkemsiz taplanan bu mährem ene päk zähmetinden bereket tapýar, döwletli öý-ojagyň, uly sylag-hormatyň eýesi bolýar. Ol çagalarynyň hem ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlas edýär. Olaryň edep-terbiýesine aýratyn üns bermek bilen, kär-hünär saýlamak boýunça yzygiderli öwüt-ündew edýär. Gyzlaryna ene-mamalarymyzdan gelýän nepis el işleriniň inçe syrlaryny, ogullaryna daýhançylyk tejribesini hem öwredýär. Mährem enäniň yhlasy ýerine düşýär. Onuň 4 oglunyň, 6 gyzynyň her biri bu gün asylly käriň eýesi.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar