Hormata mynasyp gözeller

3 Mart 2021
927

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany — 2021» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda Aşgabat şäherinden we welaýatlardan ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilýän bu bäsleşik zenanlaryň alyp barýan işine we jemgyýetde tutýan ornuna laýyklykda ýedi — «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin», «Ruhy gymmatlyklarymyzy we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» we «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugurlary öz içine aldy. Bäsleşigiň dowamynda bu ugurlar boýunça deslapky tapgyrlarda üstünlikli çykyş edip, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan öňe saýlanan zenanlarymyz hem-de olaryň alyp barýan işleri hakynda wideorolikler görkezildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar