Beýikleri dünýä berýän beýiklik

3 Mart 2021
1220

Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda halkymyzyň enä hormat goýmak, çäksiz söýgi bildirmek ýörelgesiniň mysalynda zenan mertebesiniň neneňsi belentdedigi beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz ene hakynda duýgy-düşünjelerini, pikir-garaýyşlaryny:«Ene — beýiklikleri dünýä inderýän beýiklik» diýen bir jümläniň üsti bilen düşündirýär.

Çagalykda ilkinji dil açan sözüniň nämedigini sorasaň, köpümiz «Ene» diýip jogap bersek gerek. Ýaňy özüni bilip başlan çagajykkak, bu mähriban ynsana ýüzlenmeli sözümizi ýat tutan bolsagam, onuň many-mazmunyna akyl-paýhasyň goýalyp başlanda düşünip ugraýarys. Ýyl geçdigiçe-de enäniň gymmatynyň neneňsi ýokarydygy hakynda pikir-garaýyşlar artyp gidip otyr. Soňlugy bilen aňymyzda «Ene» sözi ýaşaýşyň, ömrüň, dowamatyň, mähir-muhabbetiň, söýgüdir yhlasyň, geçirimliligiň, sahylygyň, maşgala ojagynyň berkliginiň, terbiýe mekdebiniň gönezliginiň... manydaş sözüne öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar» diýip belleýär.

Aýsenem GURBANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar