Eli sebäpli ene

3 Mart 2021
742

Ýaşy segsene ser uran Orazjemal enäni obasynda, hatda goňşy obalarda-da tanamaýan ýok. Kimiň başy agyryp, baldyzy syzlasa, olara tarap eňibererdi.

... Oba dagy etekläp oturansoň, gyş güni howa sowukdy. Agşamara daşarda köpräjik gezmelän Kakageldijik ýarygijeden soň towlanjyrap aglamaga başlady. Ejesi ony köşeşdirjek bolup şunça jan etse-de, köşeşerli däldi. Gaýta gitdigiçe sesini gataldyp bir zat biynjalyk edýän ýalydy. Kakageldijigiň ejesi alňasap: “Bu näme üçin aglaýarka, munda gyzgynam-a ýok” diýip, öz ýanyndan içini gepledip, oýa batdy. Agtygynyň sesine oýanan Bahar daýza oglanjygy aýagynyň üstünde yralap, ýatyrjak boldy. Enesiniň aýagynda mähirli hüwdä maýyl bolup, derrew irkilýän çaga ýatarly däldi. Gaýyn-gelin biri-birinden beter aljyrap başladylar. Olar çagany haýal etmän köçeleriniň aýagujunda ýaşaýan, eli sebäpli diýilýän Orazjemal enä görkezmegi makul bildiler. Gelin-gaýyn Kakageldijigi ýorgançajyga dolap, tebiplere tarap haýdap gitdiler.

Beýleki habarlar