Ýaşajyk suratkeşiň üstünligi

2 Mart 2021
1346

Arkadagly döwrümizde ýaş nesliň döwrebap derejede bilim almagy, hünär öwrenmegi, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler ýaşlara halkara derejesindäki dürli bäsleşiklere gatnaşmaga we üstünlikli çykyş etmäge ruhubelentlik berýär. Okuwçy ýaşlarymyzyň halkara ders, internet we döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri şeýle diýmäge mümkinçilik berýär.

Tejen şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülälek Körhanowanyň Özbegistan Respublikasynda geçirilen «Daşkentiň şatlygy» atly VIII çagalar surat bäsleşigine gatnaşyp, degişli baýraga mynasyp bolandygy hakdaky şatlykly habar ählimizi begendirdi. Has takygy, geçen ýylyň 10 — 15-nji dekabrynda geçirilen bu halkara bäsleşige dünýäniň birnäçe döwleti bilen birlikde, biziň ýurdumyzyň çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary hem gatnaşdy. Şonda Gülälek Körhanowa çeken suraty üçin höweslendiriji baýraga, ýörite sertifikata we ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldy. Ýakynda, ýaşajyk suratkeşe gazanan ajaýyp üstünligi üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hormat haty we ýadygärlik sowgady hem gowşuryldy.

Ogulgurban TÄJIÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Tejen şäher Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar