Ynsan bezegi

1 Mart 2021
1386

Asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip, şu günümize ýetip gelen ahlak gymmatlyklar — adamkärçilige ýugrulan ajaýyp häsiýetler her bir ynsanyň ýaraşygy hasap edilýär. Ata-babalarymyz tarapyndan kämil derejä ýetirilip bize miras galan ajaýyp däp-dessurlarymyzdan başga-da, jemgyýetimizde ahlak gymmatlyklaryna hem uly orun berlipdir. Ynsaplylyk, lebzihalallyk, mertlik, sahylyk, myhmansöýerlik ýaly ynsanperwer häsiýetler nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň içinden hem eriş-argaç bolup geçipdir. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy:

«...Elden gelen ýagşy işiň bolmasa, Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr» diýip, ýagşylygy ündäpdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyz bu günki gün hem şol ahlak gymmatlyklary ýol-ýörelge edinip, olary nesillere ýetirmegiň belent ruhy bilen ýaşaýar. Ynsanyň ajaýyp häsiýetleriniň biri bolan ynsaplylyk hakyndaky ýörelge adamzat ýaşaýşynda orun alan ahlak gymmatlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitapda hem ynsap bilen bagly ençeme pähimler ýerleşdirilipdir. Kitapda ýerleşdirilen «Ynsap hulky — onuň görki», «Ynsaply aşyny iýer, ynsapsyz başyny», «Ynsap — dinden, gaýrat — imandan», «Ynsap diniň ýarysy» ýaly pähimler hem ynsabyň ynsan bezegidigini beýan edýär.

Gurt GURBANDURDYÝEW,
Ahal welaýat kazyýetiniň iş dolandyryş bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar