Arkadagly ýurtda gyz-gelinler bagtyýar

1 Mart 2021
1823

Ynsan, aýratyn-da, gyz-gelin mertebesi belentde tutulýan ýurdumyzyň mübärek topragyna ýene-de göwünlere ylham berýän, rowaçlygyň we juwanlygyň nyşany bolan bahar pasly özüniň düşümli gadamlary bilen geldi. Toý-baýrama baý bu paslyň ilkinji günlerinde özi bilen bäs edişýän ýaz gylykly, mähir-muhabbete ýugrulan zenanlaryň Halkara baýramy gadamy düşümli bahar paslynyň gadyryny hasam artdyrýar.

8-nji mart — Halkara zenanlar güni! «Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda bu baýramyň dabaralary aýratyn many-mazmuna, joşgunly çärelere utgaşýar. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan ýurdumyzyň mähriban gelin-gyzlary döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly we netijeli zähmet çekýärler.

Jennetgül ORAZOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar