Türkmen şygryýetiniň bahary

1 Mart 2021
774

Bereketli türkmen topragyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir ýylynyň jana şepaly ýaz pasly gadam basdy. Gahryman Arkadagly Diýarymyza baharyň gelişem, ähmiýetli wakalara beslenişem ajaýyp. Çünki ol döwrümiziň beýik işlerinden ylham alýan göwünleriň joşgunynyň daş-töwerege ornaýan gözelligi bolup duýulýar.

Gyşyň aňzagyndan aýňalan ene topragyň süňňüne ýaz ýylysynyň ýaýramagy bilen dumly-duş gözellik döretmegiň hyýalyna münýär. Tebigaty gyşyň gujagyndan mylaýymlyk bilen oýaran ýaz bu gözellikleriň beýemçisi mysaly. Ýaz gözelligine gaýta-gaýta göwün berýän tebigatam erkini ellerinden dür dökülýän bahara bermäge döwtalap. Ol ýazyň sähralaryň egnine ýaşyl don geýdirip, akly-gyzylly güller bilen jähekläp ýörşüne-de, agaçlaryň süňňünden pyntyk ýardyryp, janlanyş berşine-de maýyl. Bu gözelliklere göwni joşan guşlar-da şirinden-şirin saýraşyp, bahar waspyny ýaýyp, ganat kakýarlar.

Aýsenem GURBANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar