Adamlary özgerdýän şahyr

1 Mart 2021
871

Çary aga barada men öň ýazjakdym. Görüp otursam, ýazjak-ýazjagymyň üstünden esli ýyl geçipdir. Emma, näme üçindir, onuň poeziýasy hakyndaky söhbedi her gezek soňa goýýaryn...

Bilmedim, özüme ýakyn şahyr hakynda söz açmaly bolsam, birbada saklanýaryn. Gürrüňçilikde bile tirkeşilen, bir ýerde dogan ýaly bolup işleşen kärdeşiň hakynda aýtmaly bolsa: «Belet adamyň barada söz açmak gaty kyn» diýilýär. Emma maňa Çary aga bilen işleşmegem, görüşmegem miýesser etmedi. Ýöne onuň poeziýasy meni ol hakynda köp zada belet ýaly etdi. Onsoň menem öz ýanymdan: «Belet adamyň barada söz açmak gaty kyn» diýilýäni çyn eken-ow» diýýärin. Çyndygy, onuň bilen iňňän ýürekdeşlige öwrüleniňde şeýle bolýan bolmaly. Ýogsa-da, şahyryň goşgularyny bäş barmagym ýaly ýatdan bilýänem bolsam, ýene-de birbada saklanýaryn... Emma men bir hyýal-hakykatymy aýdyp biljek: gowy görýän şahyryňy özüň ýaly görer ekeniň. Onuň çeper dünýäsini ýatlanyňda, edil özüňi aýnadan gören ýaly bolýarsyň. Garaz, ol hakda bir zat aýtmaly bolsa, özüň hakynda aýdan ýaly düşünýärin. Çary Ýegenmyradow barada saklanýandygymyň sebäbi-de şudur, belkem!

Guwanç MÄMIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.
Beýleki habarlar