Halklary birleşdirýän sungat

26 Fewral 2021
1446

22-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň arasynda kirişli saz gurallaryna bagyşlanan onlaýn okuw sapagy geçirildi. Sungat ugrundan tälim berýän ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn okuw sapagynda konserwatoriýamyzyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Jemile Gurbanowa halkymyzyň milli medeniýetiniň taryhy hem-de dutar, gyjak saz gurallarymyz barada giňişleýin gürrüň berdi.

Okuw sapagynda ýokary okuw mekdebimiziň «Halk sazy» fakultetiniň talyplary «Gyrmyzy», «Ybraýym şadilli», «Nergiz», «Tabşyrdym» ýaly milli sazlarymyzy ýerine ýetirdiler.

Gülşirin ÇARYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar