Kalby mukamly terjimeçi

26 Fewral 2021
823

2005-nji ýylyň tomsudy. Çagalar bilen 16-njy belgili awtobusda öýe barýardyk. Ýolda halypa tüýdükçi Çaryýar Jumaýew sataşdy. Ol saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Hudaýberdi Durdyýewiň ýedisine görnüp gelýän. Siz göründiňizmi? Aşyrberdi Kürtüňem dostudyr ol» diýdi. Bu ajy habary şol wagt eşidip durşumyzdy.

Şol gün onuň maşgala ojagyna märeke sowluşansoň bardyk. Hudaýberdi aga Aşyrberdi kakamyz ýogalanda Nazar Gullaýew bilen belli günleriniň ählisine gatnaşypdy. «Wah, ýogalan güni eşitmändiris. Nirede ýerlendi?» diýip soradym. Ýazyjynyň aýaly Bibi gelneje: «28-nji iýunda ýogaldy. Isgender obasynyň «Garadäde» gonamçylygynda ýerlendi. 1932-nji ýylyň 5-nji maýynda doglan. Ýakynda 73 ýaşy dolupdy. Başagaýlyk bilen habar ýetirmändiris, bagyşlaweriň! Aşyrberdi agaňyzyň ýegre dostlarynyň biridi» diýip, şu pursady ýatlady.

Ak­gül SA­PA­RO­WA
Beýleki habarlar