Bir suratyň taryhy

25 Fewral 2021
1578

Suratda: Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenyýaz Nobatow we Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aman Arnagylyjow täze aýdymyň üstünde işleýär (1980-nji ýyl).

Bir gün meşhur bagşy Ödenyýaz Nobatowyň ogullary Nurgeldi we Gurbanmyrat bilen duşuşyp, halypanyň döredijilik dünýäsiniň özboluşlylygy, onuň aýdym-sazlary ýerine ýetiriş ussatlygy, halypa-şägirtlik mekdebinde bitiren işleri barada gürrüň etdik. Bagşyçylyk sungatyny ömrüne öwrenip gezen halypa, şägirtlerine hem şony maslahat beripdir. Ödenyýaz bagşy Aman Arnagylyç, Hümmet Hanmämmet dagy bilen döredijilik gatnaşygyny saklapdyr. Olaryň halypasy Garly bagşy bolupdyr. Şägirtlerine nusgalyk görelde bolan Ödenyýaz halypanyň ussatlyk bilen çalan şirin sazlary türkmen aýdym-saz sungatynyň gymmatly mirasyny bezeýär.

Beýleki habarlar