Terbiýäniň gözbaşy

25 Fewral 2021
1597

Her bir halkyň öz milli häsiýetine gabat gelýän edep-ekram kadalary bar. Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde türkmen halkynyň ahlaklylygynyň milli nusgalaryna, baý mirasyna göz ýetirýäris.

Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli ruhy gymmatlyklarymyzyň arasynda türkmen halkyny dünýä tanadan onuň özboluşly milli edepliligidir. XIX asyryň 60-njy ýyllarynda Türkmenistana gelen wenger alymy A.Wamberiniň ýazgylarynda: «Olaryň her bir hereketini gadymdan höküm sürüp gelýän, göze görünmeýän, emma özüniň bardygyny ykrar etdirýän «edep» diýen düşünje ugrukdyrýar» diýlip bellenilmegi hem muny aýdyň tassyklaýar. Kämilleşip, sungat derejesine ýetirilen bu milli edep häzirki döwür üçin hem, geljek üçin hem ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmen edebini ata ogla, ene gyza öwredip, asyrdan asyra geçirip, şu günlere alyp gelipdir.

Serdar ALTYÝEW,
Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar