Täsin jandar

24 Fewral 2021
3319

Gözel tebigatda täsin ösümlikdir jandarlara duş gelinýär. Şeýle özboluşly jandarlaryň biri-de kwokkadyr. Kwokka ady bilen tanalýan bu täsin jandara adatça Awstraliýa yklymynda gabat gelmek bolýar. Ol, esasan hem, adalarda ýaşamaga uýgunlaşandyr. Kwokka jandary barada aýdanymyzda, onuň ortaça agramy 2,5 — 5 kilogram aralygynda bolup, boýy 40 — 54 santimetre barabardyr. Göräýmäge kenguru jandaryna meňzeýändigine garamazdan kwokkalar kiçiräk agaçlara dyrmaşmaga ukyplydyr. Olar 2 metr beýiklige çenli dyrmaşmagy başarýar. Alymlaryň bellemeklerine görä, olar ortaça 10 — 15 ýyl ýaşaýar. Kwokkalar köplenç gündiz ýatyp, gijelerine hereketde bolýar. Olar gök otlar, ýapraklar we dürli ösümlikler bilen iýmitlenýär. Gök otlar bilen iýmitlenýändigine garamazdan, bu jandarlar suwy ýygy-ýygydan içýär.

Mähriban çagalar! Kwokka jandaryny suratda synlan bolsaňyz, olar örän şadyýan görünýändir. Haýwanlarda bu özboluşly aýratynlyk juda seýrek gabat gelýär. Şonuň üçin kwokkalar dünýäde iň şadyýan jandar hasaplanýar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu täsin jandarlara 1600-nji ýyllardan bäri duş gelinýär. Kwokkalaryň watany Awstraliýanyň Rottnest we Bold adalary hasaplanýar. Bu ýere dünýäniň iň şadyýan jandaryny görmäge gelýän jahankeşdeleriň sany barha artýar. Onuň ýylgyryp duran nurana ýüzi, gülküli hereketleri syýahatçylaryň göwnüni göterýär. Kwokkalar käbir goraghanalarda goralyp saklanylýar we olaryň sanyny köpeltmek ugrunda goraghananyň hünärmenleri birnäçe ylmy-barlag işleri alyp barýarlar.

Beýleki habarlar