Üstünlikleriň açary

23 Fewral 2021
1178

Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek, ýaş nesliň akyl-paýhas mümkinçiliklerini we ukyplaryny doly açmak üçin giň şertleri döretmek babatynda maksada okgunly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz üns-aladalary bilen gurşalan ýaş nesiller bu gün döwrebap mekdeplerde bilim alýarlar, okatmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Munuň özi ýaş nesliň döwrüň talabyna laýyklykda bilim almagyna, hünär öwrenmegine, giň gözýetimli bolmagyna we döredijilik zehinleridir başarnyklaryny açyp görkezmegine ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzda giň gerim alan bilim ulgamyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permanyndan hem-de «Türkmenistanda umumy we orta bilim bermegiň meseleleri hakynda» Kararyndan gözbaş alýar. Agzalan resminamalar esasynda orta mekdeplerde 12 ýyllyk bilime geçilip, okatmagyň möhleti halkara ölçeglerine kybap getirildi. Bu bolsa, okuwçy ýaşlara bilimini artdyrmaga we ony düýpli özleşdirmäge şert döretdi. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmak boýunça guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilýändigini guwanç bilen bellemek gerek. Şonuň bilen baglanyşykly, bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Orta mekdeplerde kompýuter tehnologiýalarynyň, barlaghana enjamlarynyň, multimediýa we lingafon enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, şeýle-de internet ulgamyna birikdirilmegi bu babatda aýratyn bellärliklidir.

Oguljuma MÜRZÄÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar