Biziň bedewleriň bady bar, bady!

22 Fewral 2021
2643

Ýurdumyzyň hünärmenleri sähra bedewleriniň aýratynlyklaryny öwrenýärler

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, asyrlar aşyp gelýän milli atşynaslyk ýörelgesi döwrebap derejede ösdürilýär. Müňýyllyklardan gözbaş alan türkmen halkynyň atşynaslyk we seýisçilik sungaty, ajaýyp ahalteke bedewi ýaly, dünýä nusgalyk milli gymmatlygyň kemala gelmegine ýardam etdi. Türkmen sähralarynda hem-de dag eteklerinde mekan tutan sähra bedewlerini ylmy taýdan öwrenmek bu babatda alnyp barylýan işleriň möhüm ugrudyr.

"Nesil".
Beýleki habarlar