Täsin jandarlar

21 Fewral 2021
3854

Haýwanat dünýäsiniň wekilleri biri-birinden diýseň tapawutly bolýarlar. Olaryň arasynda şatlama aýaza çydamlylary-da, jokrama yssyda ençe günläp suwsuz oňýanlary-da bar. Eýsem, olaryň ýürekleriniň işleýşinde nähili tapawutlar barka? Men şu sowala jogap tapmak maksady bilen, internet sahypalaryndan üýtgeşik maglumatlary öwrendim. Ynha, olar bilen siz hem tanşyp bilersiňiz.

— Ýiti burunly gyzylguýruk syçanlar iň çalt urýan ýürekli jandarlaryň biridir. Onuň ýüregi minutda 1200 gezek urýar. Ýürek urşunyň örän çaltdygyna garamazdan, mör-möjekler bilen iýmitlenýän bu jandaryň agramy bary-ýogy 30 gram töweregidir.

Taýýarlan Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar