Söýmüşem seni (Hekaýa)

19 Fewral 2021
896

Magtymguly ukynyň tüýs süýji mahaly gözüni ýalpa açdy. Ol nämeden tisginip oýanandygyna düşünmedi. Başyny çalarak galdyryp, daş-töweregine göz aýlady. Daňdanyň ümüş-tamşynda olaryň öýleriniň ep-esli daşragyndaky ýorunjalykda otlap ýören ak atyň höwrüni küýseýän ýaly owadan kişňeýşine, gapdalyndan zybyrdap geçen pişige «howandarlyk» etmek üçin hasanaklap yzyndan ylgan Alabaýyň howatyrly üýrüşine, ýatakda daňylgy duran sygyrlarynyň gölejigini küýsäp molaýşyna diňşirgenip, bütin obanyň herekete girişine guwanmakdan buýsançly ýylgyrdy.

Süýji ukusyndan ýaňa bedeni gurşup giden Magtymgulynyň eýlesine-beýlesine öwrülip, ýene-de az salym irkilesi geldi. Emma mähriban obasynyň barha janlanýan hereketi ukusyna maý bermedi. Ol haýallyk bilen ýerinden turdy. Daşary çykdy. Eýýäm-haçan sary sygryndan alan ak süýdüni gazana ataran enesine salam berdi.

Sona ÝAZOWA,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Beýleki habarlar