Bulut

18 Fewral 2021
757

Nätjegimi bilemok,
Men öýümi tapamok —
Diýdi bulut azaşyp,
Şemal bilen söz alşyp.
Şemal oňa geň galdy
Hem düşündiren boldy:
Eger sen dursaň ýagman,
Seň öýüň bolar asman.
Ýagyn bolup öwrülseň —
Zemin bolar öýüň seň.

Gözellik

Annaberdi GOÇAMANOW.
Beýleki habarlar