Şadyýan çagalyk edebiýatda

18 Fewral 2021
1198

Çagalygyň syrly dünýäsindäki unudylmajak wakalary biz özümiziň içki dünýämizde-de ýatlap bileris, ýöne bu barada öz ýatlamalaryňa ýakyn eserleri okanyňda, onuň täsiri has-da artýar. Mysal üçin, Berdi Kerbabaýewiň «Japbaklarynda» çagalaryň özüne çekiji häsiýetleri açylyp görkezilýär. Ýazyjynyň «Goňurjanyň hekaýasy» atly ertekisinde bolsa, mynasyp dost tutunmak barada aýdylýar.

Edebiýatymyzda bir aýratynlyk bar. Çagalary terbiýelemek üçin ol eserlerde gahryman edip, ýazyjy adamyň özüni saýlaýar, emma käbir ýerlerde bolsa, bu usul az-kem özgerdilýär, ýagny ynsan häsiýetleri janly-jandarlaryň, tebigy zatlaryň üstüne ýüklenilýär. Aman Kekilowyň “Küýze we tilki” atly eserinde mekir tilkiniň görýän kösençliklerinden çagalaryň daşda bolmagy ündelýär. Çagalar edebiýatyny Kaýum Taňrygulyýewsiz göz öňüne getirmek mümkinem däl bolsa gerek. “Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň” atly goşgular toplumynda çagalar aň babatdan zähmete, bag ekmäge, işeňňirlige ugrukdyrylýar.

Şähribossan ÖWEZOWA,
“Mugallymlar gazeti”.
Beýleki habarlar