­Bedew hormaty (hekaýa)

17 Fewral 2021
879

Dokuz ýaşly Didar üçin atasy Täşli aganyň yzyna düşüp, obanyň at ýatagyna gitmekden gyzykly zat ýokdy. Ynsan ömrüniň iň bagtly döwri bolan çagalykdan bäri atlara bolan söýgi onuň aňyna ornaşypdy. Täşli aganyň berýän gyzykly gürrüňleriniň birýan ujy has irki döwürlere — Göroglynyň Gyraty baradaky rowaýat kysmy hekaýatlara çenli uzap giderdi. Zol-zol gaýtalanýandygyna garamazdan, Didar ol gürrüňleri diňläp, hiç ýadamazdy. Gaýta, her gezek gürrüň başlanandan tä tamamlanýança, bar ünsüni jemläp oturardy. Onuň yz ýanyndan Didaryň atasynyň gürrüňleri boýunça sowallary başlanýardy. Mahlasy, Didaryň hiç bir güni atlar bilen baglanyşyksyz geçmeýärdi. Birdenem, dünýäni sarsdyryp «Uruş turdy» diýen habar ýaýrady. Hemmeler bilen bir hatarda Didaryň kakasam fronta gitdi. Adamlaryňky düşnükli welin, athanadaky atlar hem edil urşa giden adamlar ýaly yzly-yzyna nirädir bir ýerlere äkidilip başlandy. Bu boluş Didara örän güýçli täsir etdi. Ol:

— Ata, aý ata, indi atlarymyz dolanyp getirilmezmi, indi toýda at çapmarysmy?! Hany, sen maňa at münmegi, at çapmagy öwretjekdiň-ä? — diýip, howsalaly nazaryny atasyna dikdi. Agtygyna näme diýjegini bilmän birmeýdan dyman Täşli aga basym özüni ele aldy. Ol Didaryň başyny sypalap:

Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar