Aşgabat — gözelligiň ajaýyp nusgasy

12 Fewral 2021
1316

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanylan gününden başlap, ýurdumyzy düýpli özgertmek, döwrebaplaşdyrmak we oňyn özgertmeleri amala aşyrmak baradaky giň möçberli maksatnamalary öňe sürdi, şol ugur ýurdumyzyň çar künjüni gurşap almak bilen, häzirki wagtda özüniň ajaýyp miwelerini berýär, bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda düýpli özgerişlikleri durmuşa geçirmek bilen, gurluşyk boýunça möhüm ähmiýetli taslamalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilişini, binagärlik çözgüdiniň berjaý edilişini üns merkezinde saklaýar. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň, gözel paýtagtymyz bolsa ýurdumyzyň ýüregi hasaplanylýar.

Döwletmyrat GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar