Bagtyýarlyk döwrüniň çyragy

11 Fewral 2021
1342

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, durnukly ösüşiň beýik geljegini nazarlaýan milli ykdysadyýetimizde uly özgerişler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli, ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge giň mümkinçilikler döredi. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy hem-de maddy gymmatlyklara eýe edip, ýurdumyzy halkara giňişliginde ykdysady taýdan örän tiz ösýän döwlet hökmünde ykrar etdi.

Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwrebap başlangyçlary esasynda gazanylýan ýokary netijeler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär. Eziz Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy hem-de ýolgörkezijisi bolan milli Liderimize buýsanç duýgulary ildeşlerimiziň diliniň senasyna, köňlüniň owazyna öwrülýär.

Mahym MURADOWA,
Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar