Türkmeniň goşa ganaty

11 Fewral 2021
1523

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly! Ýylyň adyny hormatly Arkadagymyz çuňňur pelsepä besleýär. Parahatçylyk bar ýerinde gatnaşyklar, medeniýet, edebiýat, sungat hem-de halk hojalygynyň ähli pudaklary gülläp ösýär. Ynanyşmak bar ýerinde halklaryň dost-doganlygy berkeýär, dürli ugurlarda gatnaşyklar jebisleşýär. Bu bolsa diňe bir ýa iki ýurduň bähbidine däl, dünýäniň parahat ýol bilen ösmegine täsir edýär. Üns berip görsek, şu ýylyň nyşany hem many-mazmuny taýdan uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz türkmen döwletini ganat ýaýýan laçyna meňzedip, onuň bir ganatynyň Garaşsyzlykdygyny, beýleki ganatynyň Bitaraplykdygyny aýdanda, jüpüne düşen bu meňzetmäniň düýbünde uly many bardygyny duýduk. Şunda ýylyň nyşanynyň türkmeniň tebigatyndan we milli häsiýetinden gelip çykandygyna göz ýetirdik. Biz bu nyşandaky şekilleri özümizçe beýan etmegi makul bildik. Uçup barýan laçyn guşy, göýä, Ýer togalagyny öz ganatlarynda göterip, Älem giňişliginde aýlanyp ýören ýaly duýgy döredýär. Onuň bir ganaty gök. Gök reňk arşy keramatlara ýol, halatlylyk, tükeniksizlik, älemiň reňki we bakylyk. Gök ganat — ýurdumyzyň baky Bitaraplygy. Ýaşyl reňk — ýaşaýyş, dowamat, düýnden şu güne, şu günden ertire barýan badalgaly ýol. Ýaşyl reňk ösüşi we miwe bermegi aňladýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Tugrasynyň beslenen reňki. Ýaşyl reňk — ata-babalarymyzyň ruhy siňip, nesilden-nesle geçirilen reňk. Ak reňk — ýagtylygyň, ýagşylygyň, päk niýetiň, ynsanperwerligiň, rehimdarlygyň reňki. Esasy şekilleriň ýene biri — derek daragty. Ol göni, syrdam ösýändigi üçin dogruçyllygyň, hakykatyň, ösüşiň nyşany hasaplanýar. Ol durmuş daragtyna meňzeýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygarynyň her sözüniň diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, halkara derejede hem taryhy ähmiýetiniň bardygyny görmek bolýar. Sebäbi durmuş hakykatynda parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak esasynda ýurtlar arasyndaky gatnaşyklar dünýäniň, umumadamzat binýadynyň berkemegine, ösmegine getirýär.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar