Sazlaşykly tagallalar

26 Ýanwar 2021
860

Gahryman Arkadagymyz bagtyýar halkymyzyň, şol sanda ýaş nesliň saglygyny goramagy ilkinji derejeli möhüm wezipe hökmünde üns merkezinde saklaýar. Milli Liderimiz şol maksat bilen, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde uly tagalla edýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ata Watanymyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini ilata düşündirmekde sazlaşykly işleri yzygiderli häsiýetde alyp barýarys. Häzirki günlerde Tejen etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda howanyň sowamagy bilen baglylykda döräp biläýjek keselleriň öňüni almak, arassaçylygyň düzgünlerini berjaý etmek, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk ulanmak boýunça wagyz-nesihat işlerine aýratyn ähmiýet berýäris. Şeýle işler etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlaryň, bilim alýan okuwçylaryň arasynda hem guralýar.

Gülşirin ATAÝEWA,
Tejen etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar