Dograma

13 Ýanwar 2021
2109

Halkyň arasynda dürli tagamlar taýýarlanylyp, olar halk köpçüligine hödürlenilýär. Şol naharlaryň arasynda dograma nahary meşhurlygy bilen ir wagtdan bäri bize mälimdir. Dograma naharynyň düzüminde adam bedenine zerur bolan witaminleriň esasylary bar. Ony iýen adam gurply we sagdyn bolup, iş ukyby beýleki adamlaryňkydan has ýokary bolýar. Dograma nahary, esasan, öý şertlerinde goýun malynyň kellebaşaýagyny arassalap, gazana salyp, gowy bişenden soň onuň etlerini sylap alyp, petir nany we ýeterlik mukdarda düýp sogany dograp, oňa goşup, mazaly garyşdyrylyp, gazanda gaýnap, gowy bişen kellebaş-aýagyň çorbasy guýlup iýilýär.

Dograma nahary öý şertlerinde we toýdur sadakalarda ähli kişä etiň, soganyň, dogralan petir nanyň we çorbanyň deň derejede bolmagyny doly üpjün edýär.

Beýleki habarlar